15-nji iýul, sişenbe
Guzularymy bak (Ýah. 21:16).
Petrus resul ýaşululara: «Hudaýyň sürüsini bakyň» diýdi (1 Pet. 5:1—4). Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny edýärsiňiz, olary ýürekden söýýärsiňiz. Ýöne işli bolandygyňyz, ýadawlygyňyz sebäpli borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýän ýaly duýmagyňyz mümkin. Siz näme edip bilersiňiz? Gaýgy-aladaňyzy Ýehowa aýdyň. Petrus resul şeýle diýdi: «Hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn» (1 Pet. 4:11). Elbetde, käbir dogan-uýalaryň kynçylygy dünýäniň ahyryna çenli çözülmezligi mümkin. Emma baş çopanymyz Isanyň dogan-uýalaryň aladasyny has gowy edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol şu günler synaglara döz gelmäge güýç berýär, gelejekde bolsa ähli kynçylyklary aýrar. Ýaşulular, Ýehowa sizden köp zat garaşmaýar, diňe dogan-uýalary söýmegiňizi, aladasyny etmegiňizi we görelde bolmagyňyzy isleýär. w23.09 sah. 30, abz. 13, 14
16-njy iýul, çarşenbe
Ýehowa akyldarlaryň oý-pikiriniň biderekdigini bilýär (1 Kor. 3:20).
Biz dünýäniň akyldarlygyna eýermeli däl. Eger «dünýäniň akyldarlygyna» eýersek, Ýehowa Hudaýy äsgermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna sowuk-sala serederis (1 Kor. 3:19). «Dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlar ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. I asyrda Pergam we Tiýatira şäherlerinde butparazlyk hem-de ahlaksyzlyk giňden ýaýrandy. Gynansak-da, käbir mesihçiler şäheriň ýaşaýjylarynyň täsirine düşdüler. Şol sebäpli Isa pygamber şol iki ýygnaga ahlaksyzlyga göz ýumýandygy üçin käýedi (Ylh. 2:14, 20). Şeýtan şu günler hem biziň dünýäniň akymyna görä ýaşamagymyzy isleýär. Dogan-garyndaşlarymyz we tanyş-bilişlerimiz bize: «Mukaddes Kitap könelişen. Dinim diýip durmuşdan yza galma. Keýp çekip ýaşamagyň hiç-hili erbetligi ýok» diýmegi mümkin. Käte biziň: «Ýehowa görkezme berýär, ýöne jikme-jik düşündirmeýär» diýmegimiz mümkin. Şeýdip, «ýazylan zatlaryň çäginden çykmagymyz» ahmal (1 Kor. 4:6). w23.07 sah. 16, abz. 10, 11
17-nji iýul, penşenbe
Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).
Merýeme Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwat gerekdi. Merýem durmuşa çykmasa-da göwreli bolmalydy. Onuň dünýä indermeli çagasy ýöne-möne çaga däldi, Hudaýyň wada eden Mesihidi. Ol Hudaýyň Ogluna terbiýe bermelidi we kemala getirmelidi. Üstesine-de, Merýem adaglysy Ýusuba göwreli bolandygyny aýtmalydy (Luka 1:26—33). Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin näme etdi? Ol başgalardan kömek sorady. Meselem, Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşy hakda Jebraýyl perişdeden görkezme soraýar (Luka 1:34). Şeýle-de ol «Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän şäherde» ýaşaýan garyndaşy Elizabetlere gidýär. Ol Merýemi öwýär we onuň göwresindäki Mesih hakda Hudaýyň ylhamy bilen pygamberlik sözlerini aýdýar (Luka 1:39—45). Şonda Merýem örän ruhlanýar we Ýehowa alkyş aýdyp: «Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi» diýýär (Luka 1:46—51). Hawa, hak Alla Jebraýyl perişde we Elizabet arkaly Merýem gyzyna güýç-kuwwat berýär. w23.10 sah. 14, 15, abz. 10—12